Myhman Depderçämiz

Facebookda paýlaş

Eser gözle

“Şaja Batyrowyň ýogalan gününde ýazylan goşgy”
Berilen Baha    (0 baha)
Näçe gezek okaldy? 30
Halanlaryň Sany 5

Men häzir kapiýa tapyp biljek däl,

Ýürek rahat gerek kapiýa üçin.
Men häzir bogazma dolan gaýgymy
Ýöne ak kagyza geçirip goýjak
Beýle wagt kapiýa nämä ýaraýar?
Onsoňam, durmuşda Seniň özüň hem 
Diňe bir kapiýa gözläp gezmediň,
Sen durmuşdan uly mazmun gözlediň.
Kapiýalar bolsa uly mazmunyň
Gudratyndan ýaňa özi dörýärdi.

Ýaňam sen agaçdan tribuna münüp,
Halkyňa seredip, dür saçyp durduň,
Indi sen agaçdan tabyda girip,
Okara gözlerňi ýumup ýatyrsyň.
Tabydyňam äpet öz göwräň ýaly,
Ol tabyda göwräň zordan ýerleşýär.
Ynha, häzir şol tabydyň daşynda,
Birimiz buz örýäs Seniň daşyňa,
Birimiz gül örýäs Seniň daşyňa,
Ýaňy kümüş seçen gara başyňa
Ýüzläp adam, müňläp adam garap dur.

Janyň sagat wagty şunça il bolup,
Seniň saglygyňy goran bolsadyk,
Onda sen tabydyň içinde bolman,
Tabyt seniň peçiň içinde bordy.
Ýöne şeýdip goraýmakçy bolsagam,
Sen bize özüňi goratdyrmazdyň.
Ajaýyp adamlaň ykbaly şeýle.

Olar öz saglygyn goratdyrmaýar,
Olar iliň saglygyny goraýar.
Soňky demindekä ýanyna barsaň,
Ilki bilen öz saglygňy soraýar
Ajaýyp adamlaň ykbaly şeýle.

Senem saýlap aldyň şeýle ykbaly.
Sen göreşdiň, Göreşmegi öwretdiň,
Sen işlediň. Işlemegi öwretdiň,
Sen ýaşadyň. Ýaşamagy öwretdiň.
Sen diňe nähili ýaşamagy däl,
Nähili ölmegem öwredip gitdiň.


Ýeri : sowet edebiyat, Kerim Gurbannepes
Şu eseri başga bir websaýtda satita et Haladym Print Et Dostyňa Iber
 

Syn ýaz


Kod
Silkele